Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň we Yragyň serhedinde bolan ýer titremede 400-den gowrak adam wepat boldy


Ýer titremäniň netijeleri, Sarpol-e Zahab, Kermanşah welaýatynyň, 13-nji noýabr, 2017.

Eýranyň resmileri ýurduň Yrak bilen serhediniň golaýynda bolan güýçli ýer sarsgyny zerarly 407 adamyň wepat bolandygyny we 6700 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň 13-nji noýabrda aýtmagyna görä, Kermanşah welaýatynda bolan 7.3 magnitudaly tebigy betbagtçylygyň täsiri Türkiýeden Kuweýte çenli tutuş regionda duýulypdyr.

Yragyň resmileri ýurtda azyndan ýedi adamyň wepat bolandygyny we 320-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

12-nji noýabrda agşam dörän ýer titremäniň merkezi Yragyň demirgazyk-gündogaryndaky Halabja şäherinde boldy.

XS
SM
MD
LG