Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanyň premýer-ministri hökümetiň düzümini üýtgedýändigini yglan etdi


Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili, Tbilisi, 13-nji noýabr, 2017

Gürjüstanyň premýer-ministri hökümetiň düzümini üýtgedýändigini we ministrlikleriň ençemesiniň sanyny azaldýandygyny aýdyp, bu çäresini çykdajylary azalmak we netijeliligi artdyrmak niýeti bilen düşündirdi.

Premýer-ministr Giorgi Kwirikaşwiliniň 13-nji noýabrda Tbiliside žurnalistlere aýtmagyna görä, dört ministrlik, şol sanda energiýa, tebigat we mineral resurslary, sport we ýaşlar ministrligi ykdysadyýet, oba hojalygy, medeniýet we adalat ministrlikleri bilen birleşdiriler.

Kwirikaşwili bu özgertmeleriň hökümet tarapyndan ýakyn wagtda tassyklanjakdygy aýtdy. Täze hökümet Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky “Gürjüstanyň arzuwy - demokratik Gürjüstan” atly partiýanyň agzalarynyň köpçüligindäkiparlament tarapyndan hem tassyklanmaly.

XS
SM
MD
LG