Sepleriň elýeterliligi

Atambaýew Gazagystanyň Gyrgyzystana 100 million dollarlyk pul kömeginden ýüz öwürdi


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew ýurdunyň Gazagystandan 100 million dollar möçberinde maliýe kömegini almagy boýunça ylalaşygy ret edýän kanuna gol çekdi. Bu maliýe serişdesi Gyrgyzystanyň gümrük infrastrukturasyny Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) standartlaryna laýyk getirmek üçin niýetlenipdi.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň websaýtynda 16-njy noýabrda çap bolan beýanatda daşary işler ministrligine kanun barada Gazagystanyň hökümetini habarly etmegiň tabşyrylandygy aýdylýar.

Gyrgyzystan Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine 2015-nji ýylyň awgust aýynda goşuldy. Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky bileleşige, şeýle-de, Gazagystan, Belarus we Ermenistan girýär.

Gazagystan Gyrgyzystana 100 million dollarlyk kömek berjegini 2016-njy ýylyň dekabrynda aýdypdy we onuň birinji bölegini 2017-nji ýylyň ýagyna çenli beriljegini wada beripdi, emma Bişkek bu kömek puluny entek görmändi.

Merkezi Aziýa regionynyň bu iki goňşy ýurdunyň gatnaşyklary soňky aýlarda ýaramazlaşdy. Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Nazarbaýewi Gyrgyzystanyň 15-nji oktýabrda geçiren saýlawlaryna goşulyşmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG