Sepleriň elýeterliligi

WADA Orsýetiň dopinge garşy talaplary berjaý etmeýändigini aýtdy


Orsýetiň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Aleksandr Žukow

Dünýäniň dopinge garşy agentligi WADA Orsýetiň indiki ýylda Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy baradaky umydyny puja çykardy we ýurduň dopinge garşy talaplary henizem berjaý etmeýändigini aýtdy.

WADA-nyň esaslandyryjy ýolbaşçylary 16-njy noýabrda Seulda geçiren maslahatynda Borçlaryň berjaý edilişine syn edýän komitetiň Orsýetiň dopinge garşy RUSADA agentliginiň ygtyýarlygyny dikeltmezlik teklibini tassykladylar. RUSADA-nyň işi 2015-nji ýylda togtadyldy.

WADA-nyň soňky karary Orsýetiň sportsmenleriniň fewral aýynda Günorta Koreýada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyna gadagançylygy göz öňünde tutýar.

Orsýetiň alty sportsmeni doping testinden geçip bilmedi.

Halkara Olimpiýa komitetiniň dekabr aýynda geçirjek maslahatynda Orsýetiň sportsmenlerine Günorta Koreýadaky Olimpiada gatnaşmagyna rugsat bermegine garaşylypdy.

XS
SM
MD
LG