Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Kataloniýadaky ses berişlige goşulandygy hakyndaky çaklamalary ret etdi


Ispaniýanyň goranmak ministri Dolores de Kospedal

Orsýet Moskwanyň geçen aýda Kataloniýanyň garaşsyzlygy boýunça ses berişlik bilen bagly krizisiň döremegine itergi beren “galp maglumat” ýaýradan bolmagy barada Ispaniýanyň liderleriniň öňe süren çaklamalaryny ret etdi.

“Ispaniýanyň häkimiýetleri, NATO we gazetler şol çaklamalary goldap biljek ýekeje-de agramly delil getirmediler” diýip, Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow 15-nji noýabrda aýtdy we “biz şol çykyşlary esassyz hasaplaýarys" diýip belledi.

Günbatar liderleri we aňtaw agentlikleri Orsýeti geçen ýyldan bäri günbatar ýurtlarynda “agzalylyk döretmek” we jemgyýetiň pikirine täsir ýetirmek boýunça gizlin kampaniýalary amala aşyrmakda, şol sanda Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmak boýunça 2016-njy ýylda geçiren ses berişligine we 2016-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň saýlanmagyna goşulyşmakda güman edýändigini aýdýarlar.

Ispaniýanyň goranmak ministri Dolores de Kospedal Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we goranmak ministrleriniň duşuşygynda eden çykyşynda sosial mediada Kataloniýanyň ses berişligi hakynda çap edilen köp maglumatlaryň “Orsýetiň territoriýasyndan gelendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG