Orsýet Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy bilen bagly hüjüme kimiň jogapkärdigini anyklamak boýunça BMG-niň derňeýji toparynyň ygtyýarynyň möhletini uzaltmak barada ABŞ tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde edilen teklibe weto gadagançylygyny girizdi.
16-njy noýabrda BMG-niň bilelikdäki derňeýji mehanizminiň möhletiniň dolmagynyň öňüsyrasynda Moskwanyň girizen wetosy 2011-nji ýyldan bäri Siriýada graždan urşy bilen bagly BMG-niň rezolýusiýalaryna garşy 10-njy gadagançylygydyr.
2015-nji ýylda derňewleriň başlanmagyndan bäri Siriýada edilen himiki hüjümleriň diňe birinden başga ählisinde Orsýetiň ýarany prezident Başar al-Assadyň harbylary aýyplanylýar.
ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haleý weto Orsýetiň Assadyň hökümetine berýän goldawyny Siriýanyň raýatlaryndan has ýokary tutýandygyny görkezýär diýdi.