Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Eýrana garşy sanksiýalar bilen baglylykda sud edilýän biznesmeniň prokurorlar bilen işleşýändigi aýdylýar


Eýran asylly türk biznesmeni Reza Zarrab sud jaýynda, Nýu Ýork, 24-nji aprel, 2017

Eýrana ABŞ-nyň sanksiýalarynyň täsirinden sypmaga ýardam bermekde aýyplanan Eýran asylly türk biznesmeni 16-njy noýabrda geçirilen ikinji sud diňlenişigine barmady we bu onuň ABŞ-nyň prokurorlary bilen hyzmatdaşlyga girişendigi hakyndaky çaklamalary tutaşdyrdy.

NBC News telewideniýesi Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti bilen gatnaşygy bolan baý altyn söwdegäri Reza Zarrabyň türk resmileriniň bikanun pullary ýuwmagyna degişli iş boýunça ABŞ-nyň prokurorlary bilen işleşýändigini 16-njy noýabrda habar berdi.

NBC-niň maglumatynda ýagdaýdan ygtybarly anonim çeşmä salgylanmak bilen habar berilmegine görä, 2016-njy ýylyň mart aýynda tussag edilen Zarrab häzirki wagtda prokuraturanyň tussaghanasynda saklanýar.

"Bloomberg News" neşri “ýagdaýdan habarly iki adama” salgylanyp, Zarrabyň “tussag astynda galýandygyny, emma federal türmesinde däldigini” habar berdi.

Eýran babatyndaky sanksiýalara degişli sud diňlenişigi 27-nji noýabra bellendi.

XS
SM
MD
LG