Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri Fransiýa geldi


Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri Parižde, 18-nji noýabr, 2017.
Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri Parižde, 18-nji noýabr, 2017.

Liwanyň premýer-ministri Saad Hariri 18-nji noýabrda, syýasy krizis arasynda fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen gepleşmek üçin Saud Arabystanyndan Fransiýa geldi.

Hariri Parižden telefon edip, Liwana 3-nji gün, Garaşsyzlyk baýramyna geljekdigini aýtdy diýip, liwan prezidenti Mişel Aoun twitterde aýtdy.

Makron 17-nji noýabrda Haririniň Liwanyň premýer-ministri hökmünde Pariže gelmegine şatdygyny aýtdy we onuň “gelýän günlerde” Beýrut şäherine dolanyp barmagyna garaşýandygyny aýtdy.

Liwanyň telewideniýesi Haririniň maşyndan düşüp, žurnalistler bilen gepleşmän, özüniň Pariždäki öýüne girişini görkezdi.

Premýer-ministriň ýanynda aýaly Lara al-Azm bar, emma onuň üç çagasynyň hiç biri wideosýužetde görkezilmedi.

Hariri 4-nji noýabrda, Saud Arabystanyndan efire berlen telegepleşikde özüniň iş başyndan çekilýändigini aýdyp, Liwany çynlaýkaý syýasy krizise düşürdi.

Liwanyň prezidenti Mişel Aoun onuň işden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmekden boýun gaçyrdy we saudlylary ony bendi edip saklamakda aýyplady.

Hariri Riýaddan gaýtmazyndan öň, özüni patyşalykda tussag saklanylýandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG