Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ýene bir egindeşine 'soňky duýduryşyny' berdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda wise-premýer Dädebäý Amangeldiýewe berk käýinç yglan etdi.

Döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, Amangeldiýew gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlaryna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýär.

Wise-premýer hökümet mejlisinde prezidente Aşgabadyň Abadan etrabynda bäş ýylyň dowamynda gurulmagy planlaşdyrylýan täze ýaşaýyş jaýlary, mekdep, çagalar bagy we köpugurly söwda merkezi barada hasabat beripdir.

Berdimuhamedow täze gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýyna, desgalary gurmagyň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, D.Amangeldiýewe işde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi diýip, TDH habar berýär.

Wise-premýere ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi üçin soňky duýduryş hem berildi.

Berdimuhamedow golaýda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Ahmet Annamuhammedowy “işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi üçin” wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de ol 10-njy noýabrda “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi. Bu resmilere “işde goýberen kemçiliklerini gysga wagtda düzetmek üçin” soňky duýduryş hem berildi.

XS
SM
MD
LG