Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömek iberýär


Ýer yranmasynyň daşarda, çadyrly meýdanda oturan pidasy. Sare Pole-Zahab, Kermanşah welaýty, 14-nji noýabr, 2017.
Ýer yranmasynyň daşarda, çadyrly meýdanda oturan pidasy. Sare Pole-Zahab, Kermanşah welaýty, 14-nji noýabr, 2017.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýrana ynsanperwerçilik kömegini ugratmagy tabşyrdy diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Hökümet başlygynyň kararyna laýyklykda,Eýran Yslam Respublikasynyň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly ejir çekenlere ýardam bermek üçin derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler ugradylar.

12-nji noýabrda Eýranyň Kermanşah welaýatynda, Yrak bilen serhetde 7,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy.

Tebigy hadysada azyndan 540 adam öldi, 7890 adam ýaraly boldy.

XS
SM
MD
LG