Sepleriň elýeterliligi

Kiýew bilen orsýetçi separatistleriň ýesir çalyşmasy çynyrgaýar


Prezident Wladimir Putiniň Donetsk we Luhansk regionlarynyň separatist liderleri bilen telefonda gürleşýär.

Ukraina we orsýetçi separatistler, Kiýew, Moskwa tarapdan we separatist toparlardan eşidilen gürrüňlerden soň, tussag çalyşmagyň täze tapgyryna barha golaýlaýan ýaly görünýär.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň geňeşçisi Ýuriý Tandit 18-nji noýabrda Ukraninayň Kanal 5 telewideniýesine “iň möhüm zadyň munuň basymrak bolmagyndadygyny, sebäbi ol ýerdäki erkekleriň köpüsiniň üç ýyl bäri ýesirdigini” aýtdy.

Soňky birnäçe günde, Kreml rus prezidenti Wladimir Putiniň 15-nji noýabrda Donetsk we Luhansk regionlarynyň separatist liderlerine, Aleksandr Zaharçenka hem-de Igor Plotnitskä jaň edip, Kiýew bilen ýesir çalyşmagyň gürrüňini edendigini aýdandan soň, optimizm ýokarlandy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Zaharçenko bilen Plotnitskiniň ýesir çalyşmagy prinsipde goldandygyny, emma bu meseläniň ukrain wekilleri bilen dowam etdirilmelidigini ýaňzytdy.

UHG 16-njy noýabrda özüniň Kiýew tarapyndan we gündogar Ukrainada Orsýetiň goldawyndaky separatistler tarapyndan ýesirlikde saklanýan adamlary çalyşmakda Orsýet tarapyndan görlüp biljek islendik çäräni goldaýandygyny aýtdy.

Tandit UHG-nyň, separatistler tarapyndan ýesirlikde saklanylýan ukrain esgerleriniň deregine, ukraina häkimiýetleriniň tussaglykda saklanylýan ýüzlerçe separatist söweşijini berip biljekdigini aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, Ukraina 306 sany separatist söweşijisini tussagda saklaýar, separatist güýçler bolsa 74 sany hökümet esgerini ýesir saklaýar.

XS
SM
MD
LG