Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Şwesiýa bilen Urugwaý BMG derňewini saklap galjak rezolýusiýa taýýarlady


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli

Rus resmisi Şwesiýanyň we Urugwaýyň rezolýusiýa taslamasyny taýýarlandygyny we munuň Sirirýadaky himiki ýarag hüjümlerine kimiň günäkärdigi baradaky derňewi ýapman saklamaga ýardam etjek täze ses berişlige getirip biljekdigini aýtdy.

Orsýetiň BMG-däki missiýasynyň metbugat sekretary Fýodor Stržižowskiý, döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugynyň 18-nji noýabrda sitirlemegine görä, hemişelik däl agzalaryň ikisi Howpsuzlyk geňeşine bilelikdäki derňew mehanizmini (JIM) dikeltmek üçin “eglişik” taslamasyny tabşyrdy diýdi.

TASS ady aýdylmaýan BMG çeşmesine salgylanyp, bu rezolýusiýa ses berişligiň 19-njy noýabrda bolmagynyň mümkindigini habar berdi.

Bu habar Orsýetiň BMG-niň derňew programmasyny wagtlaýyn ýapman saklamak baradaky teklibe weto goýmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu weto, Siriýada 2011-nji ýylda konflikt başlanaly bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýurtdaky raýat urşy bilen bagly rezolýusiýalaryna Moskwanyň goýan 11-nji wetosydyr.

"Orsýet biziň wagtymyzy ýitirýär” diýip, ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Heýli bu wetodan soň aýtdy.

"Russiýanyň şu günki we soňky hepdelerdäki hereketleri Siriýadaky himiki hüjüm meselsinde jogapkärçiligi berkitmek tagallalaryny gijikdirmek, bölmek we ahyr soňunda doly ýatyrmak maksadyndan ugur alýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG