Ukrainanyň esasy howpsuzlyk gullugy Interpol tarapyndan gözlenilýän rus raýatlarynyň ikisini tussag edendigini, olaryň biriniň amerikan žurnalist Pol Hlebnikowy öldürmek bilen ilteşikli hasaplanylýandygyny aýdýar.
Ukrainanyň Howpsulyk gullugy (UHG) 18-nji noýabrda çeçen asylly rus raýatyny tussag edendigini, onuň “birnäçe kast edişlige, hususan-da “Rorbes” žurnalynyň rusça neşiriniň baş redaktorynyň we Çeçen respublikasynyň 2001-2003-nji ýyllardaky hökümetiniň diwanynyň başlygynyň orunbasarynyň janyna kast etmeklige” ilteşiklidigini aýtdy.
Hlebnikow 2004-nji ýylda, “Rorbes” žurnalynyň rus neşirine baş redaktor bellenmeginiň yz ýanynda, öz Moskwadaky ofisiniň daş işiginde ýaragly adamlaryň hüjümine sezewar boldy.
Häkimiýetler bu kast edişiň Hlebnikowyň derňewçilik işine, hususan-da rus tütjary Boris Berozewskiý we çeçen pitneçi lideri Hožahmed Nukaýew baradaky kitaplaryna jogap bolandygyny aýtdylar.
Prokurorlar biraz soň Nukaýewi bu jenaýaty planlaşdyrmakda aýyplandyklaryny we ony ýerine ýetiren üç erkegi tussag etdiler. Ýöne bu erkekleriň üçüsi hem ahyrynda aklandy, häkimiýetler indi Nukaýewiň bu kast edişligi buýrandygyna ynanmaýandyklaryny aýtdylar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?