Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestinanylar, Waşingtondaky ofisleri ýapylsa, ABŞ bilen gatnaşygy kesjegini aýdýar


Palestinanyň uly derejeli gepleşikçisi Saýeb Erekat. Arhiw suraty
Palestinanyň uly derejeli gepleşikçisi Saýeb Erekat. Arhiw suraty

Palestin liderleri 18-nji noýabrda, eger-de ABŞ Palestin Azat ediş guramasynyň Waşingtondaky ofisini ýapmak haýbatyny iş ýüzüne geçirse, özleriniň Birleşen Ştatlar bilen eýdän gatnaşyklaryny togtatjakdyklaryny aýtdylar.

Bu dawa ABŞ adminstrasiýasy 17-nji noýabrda Palestinanyň Halkara adalat sudunda Ysraýyla garşy bildirýän aýyplamalary ABŞ-nyň kanunyny bozýar we ony Palestin azat ediş guramasynyň ofisini ýapmaga mejbur edýär diýeninden soň güýçlendi.

Palestinanyň uly derejeli gepleşikçisi Saýeb Erekat 18-nji noýabrda ABŞ-nyň bu kararynyň “örän şowsuz we kabul ederliksiz” bolandygyny aýtdy.

Ol Waşingtony “özleriniň gutarnykly ylalaşyk gazanmak üçin hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýan wagtlarynda” Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuyň hökümetiniň basyşyna ýan bermekde aýyplady.

Tramp adminstrasiýasy Erekatyň sözlerine bada-bat jogap gaýtarmady, emma resmiler biraz öň bu çäräniň Palestinalylara basyş görkezmek üçin görülmeýändigini, eýsem ABŞ kanunynyň netijesidigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG