Sepleriň elýeterliligi

Kişinýowda şäher häkimini işden çetleşdirmek boýunça referendum geçirilýär


Referendum plakatlary

Moldowan paýtagtynda 19-njy noýabrda Kişinýowyň şäher häkimini korrupsiýany hem içine alýan aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy üçin wezipesinden boşatmalymy ýa-da ýok diýen sorag astynda referendum geçirilýär.

Dorin Kirtoakäniň (Chirtoaca) işden çetleşdirilmegi üçin saýlawçylaryň azyndan 163,570-si “hawa” diýip ses bermeli.

Birnäçe syýasy partiýa we fraksiýa, şol sanda Kirtoakäniň oppozisiýadaky Liberal partiýasy saýlawçylary referendumy baýkot etmäge çagyrdy. Saýlawyň kanuny bolmagy üçin oňa şäheriň azyndan üçden bir ýaşaýjysynyň, ses bermäge haky bolan 647 müň adamyň gatnaşmagy gerek.

Kişinýowyň munisipal geňeşi sentýabrda häkimiň edaradaky işini togtadandan soň referendum gurnamagy sese goýdy.

Bu çäre Kirtoake we ýene birnäçe şäher resmisi, şol sanda Kişinýowyň häkiminiň iki orunbasary paýtagtyň tölegli maşyn parklary tenderi üstünde aýyplanandan soň görülýär.

Ýewropa tarapdar Liberal partiýanyň başlygynyň orunbasary Kirtoake özüne bildirilýän işe täsir ýetirmek aýyplamalaryny ret edýär.

Moldowan häkimiýetleri ony maý aýynda tussag etdi, emma soňra sud bolýança öý tussaglygyna geçirdi.

XS
SM
MD
LG