Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Bakuwda Daglyk-Garabag konfliktini maslahat etdi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (ç) we Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew (s), Baku, 19-njy noýabr, 2017.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 20-nji noýabrda Bakuwda Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadyarow bilen duşuşar. Gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklara we Daglyk-Garabagdaky konflikte gönükdirilmegine garaşylýar.

Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşan Lawrowyň günüň dowamynda Ýerewana sapar edip, Ermenistanyň prezidenti we daşary işler ministri bilen gepleşik geçirjegi habar berilýär.

Orsýetiň baş diplomaty Lawrowyň Bakuwa we Ýerewana edýän sapary Orsýetiň Azerbaýjan we Ermenistan bilen diplomatik gatnaşyklarynyň düýbüniň tutulmagynyň 25-nji ýyl dönümine gabat gelýär.

Esasan ermeni ilatly Daglyk-Garabag 1988-1994-nji ýyllaryň aralygyndaky uruşyň dowamynda Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Şol urşuň netijesinde 30 müň çemesi adamyň wepat bolandygy we ýüzlerçe müň adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Halkara araçylygynda we ÝHHG-niň Fransiýanyň, Orsýetiň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Minsk topary diýlip atlandyrylýan mehanizminiň gatnaşmagynda meseläni çözmek boýunça amala aşyrylan tagallalar şowsuzlyga uçrapdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Aliýew 19-njy noýabrda Bakuda Lawrow bilen geçiren duşuşygynda Daglyk-Garabag konfliktini çözmek meselesine öz ýurdunyň “örän gyzyklanýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG