Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ýol heläkçiliginde azyndan 20 adam wepat boldy


Pakistanyň kartasy

Resmiler Pakistanyň günortasynda kiçi awtobusyň we kömür ýüklenen ýük ulagynyň çaknyşmagy zerarly azyndan 20 adam wepat bolandygyny we alty adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Ýerli polisiýa ofiseri Rahmatullah Solanginiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Sindh welaýatynyň Khairpur etrabynda 20-nji noýabrda bolan bu ýol heläkçiligine “güýçli duman” sebäp bolupdyr.

Polisiýanyň ýene bir resmisi Rab Nawaz pidalaryň sanynyň ýene köpelmeginiň ähtimaldygyny, sebäbi ýaralanan adamlaryň ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.

Awtobusyň içindäki ýolagçylaryň arasynda çagalar hem aýallar bolupdyr.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, derňewleriň netijesinde ulag sürüjileriň azyndan biriniň erbet howa şertlerinde çalt sürendigini anyklapdyr.

Pakistanda ýol hadysalary ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Ulaglaryň tehniki näsazlyklary, sürüjileriň howpsuzlyk talaplaryny äsgermeýändigi sebäpli ýylda 5000-den gowrak adam heläk bolýar diýlip, hökümetiň statistik maglumatlarynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG