Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň hökümet agzasy ýurduň Saud Arabystany bilen gizlin kontaktynyň üstüni açdy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (s) we Ysraýylyň energiýa ministri Ýuwal Steinitz (ç)

Ysraýylyň hökümet agzasy Ysraýylyň Eýran bilen bagly özara aladalanmalary bilen baglylykda Saud Arabystany we beýleki arap ýurtlary bilen gizlin aragatnaşyk edendigini mälim etdi. Ilkinji gezek gizlin ylalaşyklar ýurduň ýokary derejeli resmisi tarapyndan boýun alynýar.

Ysraýylyň energiýa ministri Ýuwal Steinitz 19-njy noýabrda Ysraýylyň Goşun radiosyna beren interwýusynda agzalan kontaktlaryň häsiýetini anyklaşdyrmady.

“Biziň ençeme musulman we arap ýurdy bilen belli bir derejede gizlin aragatnaşygymyz bar we köplenç biz çekinmeýän tarap bolup durýarys” diýip ysraýyl resmisi aýtdy.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň edarasy bu kommentariý bilen bagly sowala dessine jogap bermedi.

Saud hökümeti hem Steinitzyň çykyşyny kommentirlemedi.

Ysraýyl we Saud Arabystany Eýrana ýakyn Gündogarda öz howpsuzlygyna esasy wehim hökmünde garaýarlar.

XS
SM
MD
LG