Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Bikanun nebit söwdasyna baş goşmakda, yslamçy bolmakda aýyplanýan onlarça adam sud edilýär


Gazagystanyň kartasy
Gazagystanyň kartasy

Gazagystanda bikanun nebit söwdasynda aýyplanan onlarça adamyň sud işiniň dowam edýän wagtynda berk howpsuzlyk şertleri berjaý edilýär. Sud edilýänleriň käbirine dini ekstremizm bilen hem bagly günä ýöňkelýär.

Polisiýa ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilýän sud diňlenişiginiň 20-nji noýabrda başlanmagynyň öňüsyrasynda Aktobe regional sudunyň binasynyň daşyny gabady. Sud edilýänleriň anyk sany köpçülige mälim edilmedi.

Derňewçiler sud edilýänleriň birnäçesiniň yslamyň Salafi akymyna uýýanlardygyny aýdýarlar. Gazagystan salafileri ekstremist hasap edýär.

Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň hökümeti 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda salafizmi gadagan etmek boýunça çärelere başlady, emma gadagançylyk girizmedi. Sud edilýänler 2016-njy ýylyň dekabr aýynda uly göwrümli howpsuzlyk operasiýalaryň netijesinde tussag edilipdi. Bu tutha-tutluk Aktobeniň sudunyň iýun aýynda türmedäki ok atyşyga gatnaşykda aýyplanan 29 adamy uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmeginden birnäçe gün yzysüre amala aşyrylypdy.

Hökümet hüjümçileri yslamçy söweşijiler diýip atlandyrypdy. 2016-njy ýylyň iýun aýynda ýüze çykan zorlukda hüjümçidigi aýdylýan 18 adam, bäş raýat we Gazagystanyň howpsuzlyk güýçleriniň üç agzasy öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG