Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy 'Nowsýa gazeta' neşriniň habarçysy Ali Feruza jerime saldy


Özbegistanyň raýaty we “Nowsýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruz
Özbegistanyň raýaty we “Nowsýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruz

Moskwanyň sudy Özbegistanyň raýaty we “Nowsýa gazeta” neşriniň habarçysy Ali Feruzy Orsýetde bikanun işlemekde günäli tapdy we oňa jerime saldy.

Basmanny etrap sudunyň 21-nji noýabrda çykaran kararyna görä Feruz 5000 müň rubl ýagny 85 amerikan dollary möçberinde jerime tölemeli bolar.

Feruz özüniň bigünädigini aýdýar we özüniň “Nowaýa gazeta” neşrinde tölegli işlemändigini we gazetden yzygiderli aýlyk almandygyny aýdýar.

Şeýle-de sud onuň Özbegistana deportasiýa edilmegi hakynda karar çykarypdy, emma kararynyň ýerine ýetirilmegini awgustda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudunyň (ECHR) karyndan soň yza tesdiripdi.

ECHR žurnalistiň deportasiýasyny ýatyrmak hakyndaky kararyny adam hukuklaryny goraýjylaryň onuň Özbegistanda tussaglyga we gynamalara sezewar edilmegi barada aladalanma bildirmeginiň yzýany yglan edipdi.

Geçen aýda Moskwanyň sudy immigrasiýa resmileriniň Feruzyň gaçybatalga sorap eden ýüzlenmesini 2015-nji ýylda ret etmegine salgylanyp, žurnalistiň Özbegistanda özüne howp abanýandygy hakyndaky aýdanlaryny subut edip bilmändigini aýtdy.

“Nowaýa Gazeta” neşriniň metbugat wekili Nadezhda Prusenkowa suduň Feruz babatynda çykaran kararyndan şikaýat ediljegini 22-nji noýabrda mälim etdi.

Adam hukuklaryny goraýjy abraýly guramalar Ali Feruzyň deportasiýa edilmezligi ugrunda Kremle çagyryş edýärler.

XS
SM
MD
LG