Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýanyň öňki serb kommandiri Mladiç ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi


Bosniýanyň öňki serb kommandiri Ratko Mladiç, Gaaga, 22-nji noýabr, 2017
Bosniýanyň öňki serb kommandiri Ratko Mladiç, Gaaga, 22-nji noýabr, 2017

BMG-niň tribunaly Bosniýanyň öňki serb komandiri Ratko Mladiçi ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Sud onuň Bosniýanda 1992-1995-nji ýyllarda bolan urşuň dowamynda uruş jenaýatçylyklaryny, şol sanda genosidi amala aşyrmakda günäli tapdy.

Gaaganyň sudy 22-nji noýabrda çykaran kararynda Mladiçe bildirilen günäniň 11 punktdan 10-sy tassyklandy.

Mladiç uruşyň iň aýylganç jenaýatçylyklaryna ýolbaşçy bolmakda, şol sanda Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň üç ýyllyk gabawyny amala aşyrmakda we 1995-nji ýylda 8000 çemesi musulman erkek adamy Srebrinisada gyrgyna bermekde aýyplandy.

Baş sudýa Alphons Orie karary Mladiçiň suduň geçýän otagyndan çykarylmagyna görkezme berensoň okady.

“Olar ýalan sözleýär, siz ýalan sözleýärsiňiz. Men özümi gowy duýmaýaryn” diýip Mladiç zaldan çykarylmagynyň öňýany gygyrdy.

Gaaga tribunalynyň Mladiçiň işi boýunça diňlenişikleri 530 güne çekdi. Bu iş Ikinji Jahan Uruşy bieln bagly Nurenberg prosesinden soň Ýewropada iň uly uruş jenaýatçylygy bilen baglylykda gozgalypdy.

Öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara tribunaly gozgalan 106 sany aýra başga işler boýunça 591 şaýatyň görkezmesini we 10 müň çemesi subutnamany öwrendi.

XS
SM
MD
LG