Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet BMG-niň Siriýa boýunça mehanizmini 'öli' diýip atlandyrdy


Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa
Orsýetiň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenziýa

BMG-niň Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyndaky hüjümiň aňrysynda kimiň bolandygyny anyklamak boýunça derňewi “öli”, emma Orsýet Günbatar ýurtlarynyň “täze mehanizmini döretmek” tagallalary üçin açyk diýip, Orsýetiň BMG-däki ilçisi aýtdy.

Wasiliý Nebenziýa bu beýanaty bilen 22-nji noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň derňewleri dowam etdirmek meselesini maslahat etmeginiň yzýany çykyş etdi.

Geçen aýda Orsýet Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyndaky hüjümleriň kim tarapyndan amala aşyrylandygyny anyklamak boýunça derňew mehanizminiň ygtyýarlygynyň möhletiniň uzaldylmagyna birnäçe gezek weto gadagançylygyny girizdi.

Nebenziýa himiki hüjümlerde Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň goşunynyň günäkärdigini aýdan we Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň aglabasy tarapyndan goldanýan BMG-niň bilelikdäki derňew mehanizminiň (JIM) “doly ynamdan gaçandygyny” aýtdy.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan urşunyň dowamynda 330 müňden gowrak adam wepat boldy we millionlarça adam ýaralandy.

BMG-niň derňew mehanizminiň tarapdary Matthew Rykroft “BMG-niň bilelikdäki derňew mehanizmi bolmasa-da, biz çekilmekçi däl” diýip, 21-nji noýabrda aýtdy we başga halkara adalat mehanizmleriniň gözlenýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG