Stokgolmyň etrap sudy 23-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda 39 ýaşly özbegistanly Rahmat Akilowyň 21-nji dekabra çenli tussag astynda galmalydygyny aýtdy.
Derňewçiler Akilowyň 7-nji aprelde Stolgolmda bolan adam pidaly hüjümde ogurlanan ýük ulagyny ýolagçylaryň üstüne sürendigini aýdýarlar.
Suduň beýanatyna görä, Akilow prokurorlaryň onuň tussaglygyň möhletini uzaltmak barada eden talabyna garşylyk görkezmändir. Akilow terrorylyk bilen bagly jenaýatlarda we beýleki adamlara wehim salmakda güman edilýär.
Stokholm 2016-njy ýyldan bäri adam pidaly ulagly hüjümlere sezewar bolan Ýewropanyň ençeme şäheriniň biridir.
Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow Akilowyň 2014-nji ýylda Özbegistany terk edip, Şwesiýada ýerleşensoň “Yslam döwleti” topary tarapyndan hakyna tutulandygyny aýtdy.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.