Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň täze prezidenti kasam etdi


Gyrgyzystanyň täze we öňki prezidentleri Sooronbaý Jeenbekow (ç) we Almazbek Atambaýew (s) täze döwlet baştutanynyň wezipä geçiş dabarasynda, 24-nji noýabr, 2017.
Gyrgyzystanyň täze we öňki prezidentleri Sooronbaý Jeenbekow (ç) we Almazbek Atambaýew (s) täze döwlet baştutanynyň wezipä geçiş dabarasynda, 24-nji noýabr, 2017.

Gyrgyzystanyň täze prezidenti 24-nji noýabrda Bişkekde kasam etdi. Bu waka tutuş regionda saýlanan prezidentleriň parahatçylykly çalyşmagynyň ilkinji mysaly boldy.

Sooronbaý Jeenbekow döwlet başynda ikinji gezek galmagy konstitusiýa tarapyndan gadagan edilen prezident Almazbek Atambaýewiň ornuna geçdi.

Jeenbekow prezident wezipesine geçiş dabarasynda gyrgyz we rus dillerinde eden çykyşynda “ýurduň içinde bütewüligi” goramagy wada berdi.

2016-njy ýylyň aprel we 2017-nji ýylyň awgust aýlarynyň aralygyndaky döwürde Atambaýewiň hökümetinde premýer-ministr bolan Jeenbekow alty million ilatly bu Merkezi Aziýa ýurdunda korrupsiýa garşy göreşmegi wada berdi.

“Korrupsiýa garşy rehimsiz göreş başlandy. Jemgyýeti arassalamak boýunça şertler döredilýär” diýip, Jeenbekow aýtdy.

Resmi sanlara görä, Jeenbekow 15-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 54% toplady, onuň esasy bäsdeşi Omurbek Babanow sesleriň 34% toplady.

2005-nji we 2010-njy ýyllarda Gyrgyzystanda prezidentler köçe protestleriniň netijesinde çalyşypdy.

XS
SM
MD
LG