Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emmerson Mnangagwa Zimbabweniň täze prezidenti hökmünde kasam etdi


Emmerson Mnangagwa prezidentlige kasam edýär, Zimbabwe, 24-nji noýabr, 2017.
Emmerson Mnangagwa prezidentlige kasam edýär, Zimbabwe, 24-nji noýabr, 2017.

Emmerson Mnangagwa Zimbabweniň awtokrat prezidenti Robert Mugabeniň wezipesinden çekilmeginiň birnäçe gün yzýany afrika ýurdunyň döwlet baştutany hökmünde kasam etdi.

24-nji noýabrda ýüzlere adamyň gatnaşmagyndaky dabarada döwlet başyna geçen Mnangagwa Zimbabweniň 1980-nji ýylda ýurdunyň akýagyz azlygyndan öz garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň ýurduň ikinji prezidenti boldy.

“Men Zimbabwä wepaly bolaryn we Zimbabweniň konstitusiýasyna hem beýleki kanunlaryna boýun bolmagy, olary goldamagy we goramagy wada berýärin” diýip, Mnangagwa prezident kasamynda aýtdy.

Ýurdy 37 ýyllap dolandyran Mugabeniň şu aýyň başyndan Mnangagwany wise-prezident wezipesinden boşatmagy harbylaryň garşylyk bildirmegine itergi bolupdy.

Döwletiň gözegçiligindäki “Herald” gazeti 93 ýaşly Mugabeniň täze prezidentiň inaugurasýa dabarasyna gatnaşmandygyny, sebäbi oňa “dynç almagyň” teklip edilendigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG