Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Ermenistan bilen ýakyn gatnaşyga gyzyklanýar


Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar partnýorlyk toparynyň sammiti, Brussel, 24-nji noýabr, 2017
Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar partnýorlyk toparynyň sammiti, Brussel, 24-nji noýabr, 2017

Ýewropa Bileleşigi we Gündogar partnýorlyk toparyna girýän alty ýurt 24-nji noýabrda Brusselde sammit geçirip, ÝB-niň we öňki sowet ýurtlarynyň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda tagalla edýärler.

ÝB Gündogar partnýorlygyny 2009-njy ýylda Gündogar Ýewropa we Günorta Kawkaz ýurtlarynda ýewropa gymmatlyklaryny ornaşdyrmak maksatly esaslandyrypdy.

Sammitiň esasy wakasynyň ÝB-niň we Ermenistanyň arasynda partnýorlygy giňeltmek boýunça ylalaşyga gol çekmekden ybarat boljagyna garaşylýar.

Emma bu ylalaşyk erkin söwdany göz öňünde tutmaýar we Gürjüstan, Moldowa we Ukraina tarapyndan gol çekilen assosiasiýa baradaky ylalaşykdan has çäkli. Ermenistan hem başda agzalan ýurtlar ýaly ÝB-niň Assosiasiýa baradaky ylalaşygyna gol çekmek boýunça gepleşik geçiripdi.

Emma Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisian 2013-nji ýylda Orsýetiň basyşy astynda ylalaşykdan ýüz öwüripdi.

XS
SM
MD
LG