Sepleriň elýeterliligi

Eýran zenanlaryň halkara sport bäsdeşliklerine gatnaşmagyna rugsat berdi


Eýranyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti Ali Moradi

Eýran agyr atletika boýunça zenan sportsmenlerine ilkinji gezek halkara derejesinde bäsleşmäge rugsat berdi.

“Biz Eýranyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň aýallar komitetini döretdik we bizde zehinli aýal atletler bar” diýip, Eýranyň agyr atletika boýunça federasiýasynyň prezidenti Ali Moradi 23-nji noýabrda aýtdy.

“Olaryň erkekler bilen deň ukyby bar we biz olaryň musulman sportsmenleriň ýörite geýimini geýip, ýakyn geljekde halkara çempionatlaryna gatnaşmaga ukyply boljagyny umyt edýäris” diýip, Moradi belledi.

Eýran dünýä derejesinde agyr atletika boýunça iň güýçli ýurtlaryň biri we onuň erkek atletleri Olimpik oýunlarynda şu asyrda ýedi sany altyn medal gazandy.

XS
SM
MD
LG