Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Batumidäki myhmanhanada bolan ýangynda 12 adam öldi


Batumi, Botanika bagy

Gürjüstanyň Gara deňiz boýundaky kurort şäheri Batumidäki myhmanhanada 24-nji noýabrda bolan ýangynda azyndan 12 adamyň ölendigini aýdýarlar.

"Deslapky hasaplamalara görä, Batuminiň Leogrand otelinde 12 adam öldi. Olaryň şahsyýetleri anylanylýar” diýip, regional saglyk ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de beýanatda 22 gatly myhmanhanadan 100-den gowrak adamyň, şol sanda myhmanlaryň we işgärleriň ewakuasiýa edilendigi aýdyldy.

Regional saglyk ministri Zaal Mikeladze žurnalistlere adamlaryň kömürturşy gazyndan zäherlenmekden ýogalandygyny aýtdy.

"10 adam hassahana ýerleşdirildi, köpüsi dem alyş ýollaryna zeper ýeten. Olaryň hemmesi durnukly ýagdaýda” diýip, Mikeladze sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýangyna nämäniň sebäp bolandygy aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG