Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rohani Assada ‘milli kongresiň’ durnuklylyga tarap ädim boljakdygyny aýtdy


Eýranyň, Türkiýäniň we Orsýetiň liderleri Soçide Siriýa maslahatyny etdi. 22-nji noýab.

Eýranyň prezidentiHassan Rohani Siriýanyň lideri Başar al-Assad bilen telefon söhbetdeşliginde, garşy durýan güýçleri hem goşmak bilen, olaryň uruşdan tozan ýurda durnuklylyk we howpsuzlyk getirmäge kömek edip bilmegi üçin“milli kongres” geçirmegi teklip etdi.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 25-nji noýabrda Rohanä salgylanyp, onuň Assada hökümetiň we oppozisiýa güýçleriniň duşuşmagy “Siriýada durnuklylyga we howpsuzlyga tarap ädilen ädim bolar” diýendigini habar berdi.

Kongres geçirmek baradaky teklip Eýranyň, Türkiýäniň we Orsýetiň liderleriniň arasynda 22-nji noýabrda, Gara deňiz boýundaky kurort şäheri bolan Soçide geçirilen sammit mahalynda döredi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu duşuşykdan soň, Ýakyn gündogar ýurdundaky alty ýyllyk raýat urşuny soňlamak üçin, üç döwletiň Siriýanyň hökümetini we oppozision güýçlerini öz içine alýan kongres gurnamak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG