Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşigi Orsýsetiň "daşary ýurt agentleri" kanunyny tankyt etdi


Maja Kosijançiç (Kocijancic)
Maja Kosijançiç (Kocijancic)


Ýewropa Bileleşigi prezident Wladimir Putin tarapyndan rus hökümetine daşary ýurtlardan maliýeleşdirilýän habar serişdelerini “daşary ýurt agentleri” diýip atlandyrmaga we olara garşy sanksiýa girizmäge ygtyýar berýän kanuna gol çekilmegini tankyt etdi.

Ýewropa komissiýasynyň goňşuçylyk syýasaty we gepleşikleri giňeltmek babatdaky sözçüsi Maja Kosijançiç (Kocijancic) 26-njy noýabrda beýanat çap edip, “bu kanun Russiýanyň adam hukuklary barada öz üstüne alan borçlaryna garşy gelýär” diýdi.

Kosijançiç bu kanuny “azat we garaşsyz media hem-de maglumat elýeterliligine has beter howp” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň Federasiýa geňeşi, parlamentiň ýokarky palatasy bu kanun taslamasyny 22-nji noýabrda biragyzdan tassyk etdi.

XS
SM
MD
LG