Sepleriň elýeterliligi

Kreml Çeçenistanyň lideri Kadyrowyň wezipesinde galjakdygyny aýtdy


Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow

Kreml Orsýetiň Çeçenistan regionynyň lideri Ramzan Kadyrowyň çekilmeginiň mümkinçiligi barada dynç günleri eden çykyşyna garamazdan wezipesinde galjakdygyny aýtdy.

41 ýaşly Kadyrow 26-njy noýabrda “Rossiýa 1” döwlet telekanalynda görkezilen interwýusynda özüniň wezipeden çekilmegi üçin wagtyň gelendigini aýtdy.

Emma Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Kadyrowyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine wepaly bolmagynda galýandygyny we “ýurduň prezidentiniň soran islendik wezipede işläp” biljegini 27-nji noýabrda žurnalistlere aýtdy.

“Ol [Çeçnýa] respublikasynyň häzirki baştutany bolmagynda galýar” diýip, Peskow aýtdy we wezipeden çekilmegiň onuň “arzuwy” bolandygyny belledi.

Putin Kadyrowy Çeçenistan regionynyň administrasiýasyna ýolbaşçy wezipesine 2007-nji ýylyň fewral aýynda belläpdi. 2011-nji ýylyň mart aýynda Çeçenistanyň parlamenti onuň wezipä bellenmegini tassyklapdy. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Kadyrow wezipä indiki bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG