Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Güleniň tarapdary bolmakda güman edilýän 360 adamy tussag etmek tabşyryldy


ABŞ-da ýaşaýan dinçi Fethulla Gülen

Türkiýäniň prokurorlary ýurduň goşunynda ABŞ-da ýerleşýän dinçi Fethulla Güleniň güman edilýän tarapdarlaryna garşy operasiýanyň dowamynda 360 adamyň tussag edilmegine resmi görkezme berdiler diýip, Anadoly döwlet täzelikler agentligi 29-njy noýabrda habar berdi.

Anadolynyň maglumatyna görä, Stambulda geçirilen operasiýada tussag edilenlerden 333 adam esgerler bolup, 216 gullukçy.

Prezident Rejep Taýyp Erdoganyň hökümeti Guleniň we onuň guramasynyň geçen ýylda harby agdarylyşygy amala aşyrmaga synanyşandygyny aýdýar.

Gülen aýyplamalary ret edýär.

Stambulyň polisiýasy güman edilýän gülençileri tussag etmek boýunça operasiýasyny dowam etdirýär diýip, Andoly agentligi habar berýär. “Dogan news” agentligi tussag edilenleriň ýedisiniň pilotdygyny habar berýär.

2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň Gülen bilen baglanyşyk üçin 50 müň çemesi adam tussag bolup, sud edilýär, 150 müň çemesi adam wezipesinden boşadyldy.

Geçen hepdede 700 çemesi adam bu wakalara degişli derňewler bilen baglylykda tussag edildi.

Türkiýäniň günbatarly ýaranlary we adam hukuklaryny goraýjylar Ankaranyň derňewleri başga pikiri basyp ýatyrmak üçin ulanmagyna aladalanma bildirdiler.

XS
SM
MD
LG