Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýeti 'daşary ýurt agentleri' baradaky kanuny metbugat azatlygyna garşy ulanmazlyga çagyrdy


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Heather Nauert
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Heather Nauert

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Orsýetiň täze kanunynyň Adalat ministrligine daşary ýurtly media serişdelerine “daşary ýurtly agentler” hökmünde çemeleşmeginiň metbugat azatlygyna wehim salýandygyny aýtdy we Moskwany kanuny media gözegçilik etmek üçin ulanmazlyga çagyrdy.

“Söz azatlygy, şol sanda hökümet üçin oňaýsyz media Osýetiň berjaý etmegi wada beren adam hukuklary boýunça ähliumumy borjudyr” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Heather Nauert 28-nji noýabrda eden çykyşynda aýtdy.

Nauert Orsýetiň eýýäm bar bolan daşary ýurt agentleri hakyndaky kanuny hökümete degişli bolmadyk toparlara “reýd geçirmegini, gorkuzmagyny we kanun taýdan yzarlamagyny kanunlaşdyrmak üçin ulanýandygyny belledi.

25-nji noýabrda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan gol çekilen kanun Kremle daşary ýurtly media serişdelerinden öz maliýe çeşmelerini görkezmegini talap etmäge ygtyýar berýär.

Orsýetiň kanun çykaryjylary bu kanuny ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Orsýetiň RT döwlet telekanalyndan Birleşen Ştatlarda ýerleşýän partnýoryny “daşary ýurt” agenti hökmünde hasaba durmagyny talap etmeginiň yzýany biragyzdan kabul etdi.

XS
SM
MD
LG