Sepleriň elýeterliligi

Özbegistanyň prezidenti Mirziýoýew hökümetde wezipe çalyşygyny geçirdi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbegistanyň döwlet mediasyna görä, prezident Şawkat Mirziýoýew hökümetde wezipe çalyşygyny geçirdi we uzak wagt bäri wezipede oturan ykdysadyýet hem söwda ministrlerini boşatdy.

Media maglumatlaryna görä, Mirziýoýew 27-nji noýabrda gol çeken permany bilen 2011-nji ýyldan bäri ýurduň ykdysadyýet ministri bolan Galina Saidowanyň ýerine Botir Hojaýewi belledi. Hojaýew mundan öň maliýe ministri bolupdy.

Premýer-ministriň orunbasary Jamşid Koçgarowa goşmaça jogapkärçilik berilip, maliýe ministriniň işi tabşyryldy.

2012-nji ýyldan bäri ykdysady gatnaşyklar, maýa goýumlar we söwda ministri bolan Elyor Ganiew wezipesinden çetleşdirildi.

Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda prezident Yslam Kerimowyň ýogalandygy yglan edilmeginiň yzýany döwlet başyna geçdi we dekabr aýynda prezident saýlandy.

Mirziýoýew 30 million ilatly ýurduň ykdysady kynçylyklaryna garşy yglan eden çäreleriniň çäginde Karimowyň goly astynda işlän ministrleriň ençemesini çalyşdy.

XS
SM
MD
LG