Sepleriň elýeterliligi

WADA: Orsýetiň dopingi ret etmegi onuň olimpik geljegine wehim salýar


Dopinge garşy halkara agentliginiň (WADA) derňewçisi Riçard Maklaren

Orsýetiň sportda doping ulanmagy hakynda hasabatyň düýbüni tutan adam döwlet derejesinde dopinge baş goşandygyny ret etmek bilen ýurduň has berk jezalandyrylmagynyň howpuny artdyrýandygyny aýtdy.

Dopinge garşy halkara agentliginiň (WADA) derňewçisi Riçard Maklaren 28-nji noýabrda Gollandiýada geçirilen sport konferensiýasynda eden çykyşynda Orsýetiň Halkara olimpiýa komitetiniň indiki hepdede geçirjek maslahatynyň öňýanynda töwekgelçilikli oýun oýnaýandygyny aýtdy. Halkara olimpiýa komitetiniň maslahatynda Orsýetiň sportsmenleriniň fewralda Günorta Koreýada geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlaryna gatnaşdyrylyp-gatnaşdyrylmajagy barada karar çykarmagyna garaşylýar.

Orsýetiň resmileri orsýet sportsmenleriniň doping ulanmagyna döwletiň gatnaşmagy barada öňe sürülýän maglumatlary ret edýärler. Bu ýagdaý Orsýetiň onlarça sportsmeniniň soňky iki ýylda sport çärelerinden çetleşdirilmegine getirdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen aýda eden çykyşynda aýyplamalaryň Birleşen Ştatlar tarapyndan guramalaşdyrylandygy hakyndaky çaklamalaryny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG