Sepleriň elýeterliligi

2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçer


Olimpiýa şäherçesi, Aşgabat, 26-njy sentýabr, 2017

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti 2018-nji ýylyň dünýä çempionatyny Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirmek kararyna geldi diýip, TASS habar agentligi guramanyň metbugat-gullugyna salgylanmak bilen habar berdi.

Maglumata görä, başda dünýä çempionaty Perunyň paýtagty Limada geçmelidi, emma Peru bäsdeşligi geçirmekden el çekip, bu hukugy başga ýurda bermäge razy bolupdyr. Şeýle-de, maglumatda “Inside the games” portalyna salgylanylyp bellenişine görä, Perunyň karary bäsdeşligiň geçjek ýeri San-Isidroda sport merkeziniň taýýar däldigi bilen bagly.

Türkmenistan ýaňy-ýakynda halkara bäsdeşliklerini geçirmek tejribesine eýe boldy. Türkmen hökümeti sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V aziýa oýunlary üçin niýetlenen sport we infrastruktura desgalaryna dürli maglumatlara görä, 10-15 milliard amerikan dollary aralygynda pul sarp etdi.

Bahasy 5 milliard dollarlyk olimpiýa şäherçesiniň iki obýekti, ýagny basseýn we äpet atyň kellesi ululygy bilen Giness rekordlar kitabyna girdi.

XS
SM
MD
LG