Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň uruş jenaýatçylyklary boýunça sudunda ýazgarylan bendi awy içip öldi


Bosniýanyň horwat güýçleriniň öňki goranmak ministri Bruno Stojiç (ç) we öňki horwat generaly Slobodan Praljak (s)

BMG-niň Gaagadaky tribunalynda sudýa bosniýalylaryň we horwatlaryň arasynda bolan uruşyň jenaýatçylyklary bilen baglylykda sud edilýän alty adamyň işi boýunça 29-njy noýabrda geçirilen diňlenişigini ýatyrdy. Sud edilýänleriň biriniň çüýşesinden suw içip, onuň awydygyny aýtmagy muňa sebäp boldy.

Suduň resmileri başda Slobodan Praljak diri galdy diýip, habar berdiler. Emma yzýany onuň ölendigini aýtdylar.

Bosniýada 1992-1995-nji ýyllarda bolan uruşda horwat güýçleriniň öňki komandiri Praljak öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara tribunalynda sudýanyň ony 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etmek hakynda kararyny okan pursadynda çüýşesindäki suwuklygy içdi. “Men karary ýigrenç bilen ret edýärin” diýip, Praljak aýtdy.

XS
SM
MD
LG