Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi: Phenýanyň 'agressiýaly hereketi' režiminiň 'doly ýok edilmegine getirer


ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý
ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý

ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haleý ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýa bilen uruş islemeýändigini aýtdy, emma onuň “agressiýaly hereketiniň” urşa getiren ýagdaýynda “Demirgazyk Koreýanyň režiminiň doly ýok ediljegini” belledi.

Haleý 29-njy noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň adatdan daşary maslahatynda eden çykyşynda, Demirgazyk Koreýanyň geçiren kontinentara ballistik raketalarynyň soňky synagynyň we raketalaryň ABŞ-nyň giňişligine ýetmäge ukyplydygyny aýtmagynyň ähli ýurtlaryň Phenýan bilen gatnaşyklary kesmeginiň gyssagyny artdyrýandygyny aýtdy. Ol Phenýanyň iň uly söwda partnýory Hytaýy ähli nebit üpjünçiligini kesmäge çagyrdy.

“Demirgazyk Koreýanyň diktatorynyň düýnki karary bizi urşa golaýlatdy, daşlaşdyrmady” diýip, Haleý aýtdy.

ABŞ we Fransiýa Demirgazyk Koreýa täze sanksiýalar bilen basyş edýärler. Bilermenler 28-nji noýabrda amala aşyrylan soňky testiň şu çaka çenli iň güýçli bolandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Phenýanyň “prowokatiw hereketleri” babatynda Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping bilen maslahat edendigini Twitter arkaly habar berdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Demirgazyk Koreýa bilen işleşýän maliýe institutlarynyň sanksiýalar bilen jezalandyryljakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG