Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-ny Siriýada bölünişige ýol bermek synanyşygynda aýyplady


Siriýanyň Demokratik güýçleri atly toparyň agzalary, Rakka, 22-nji oktýabr, 2017.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Siriýada Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýany “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden basylyp alnan giňişliklerde ýerli häkimiýet guramalaryny döretmek arkaly ýurdy bölmäge synanyşmakda aýyplady diýip, Orsýetiň täzelikler agentlikleri habar berdiler.

Orsýetiň ilçisi Wasiliý Nebenzýa 29-njy noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen maslahatda kürt we arap söweşijileriň ýakynda YD toparynyň elinden alnan Rakka şäherinde dolandyryjy guramalary döretmek we Orsýetiň ýarany Siriýanyň hökümetini gatnaşdyrmazdan ykdysadyýeti dikeltmek hakynda maslahat geçirendigini aýtdy. Bu barada Orsýetiň Interfaks we RIA-Nowosti agentlikleri habar berdi.

Orsýetiň bu nägileligi Siriýanyň hökümetiniň we gozgalaňçy toparlarynyň alty ýyl bäri graždan urşuny başdan geçirýän ýurda parahatçylygy getirmek ugrunda Ženewada geçirilýän gepleşikleriň sekizinji tapgyryna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG