Sepleriň elýeterliligi

Almatynyň merkezi köçesine prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ady dakyldy


Almatynyň Furmanow köçesi

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň merkezi köçesine prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ady dakyldy.

Almatynyň şäher geňeşiniň ýuristi Berik Manizorowyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, geňeşiň 30-njy noýabrda gelen kararyna görä, Dmitriý Furmanow adyndaky köçäniň ady üýtgedilip, oňa Nursoltan Nazarbaýewiň ady dakylar.

Nazarbaýew 1991-nji ýylda Gazagystan garaşsyzlygyny yglan edeli bäri prezident wezipesinde ýurda ýolbaşçylyk edýär. Ondan ozalky döwürde Nazarbaýew ýurduň Kommunistik partiýasynyň baştutany bolupdy.

Nazarbaýew 2015-nji ýylyň saýlawlarynda nobatdaky prezidentlik möhletine saýlandy, emma synçylar ses berişligiň açyk we adalatly bolmandygyny aýtdy.

Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Gazagystanyň öňki paýtagty Almaty şäheriniň ähli köçeleriniň atlary üýtgedildi, diňe Furmanow köçesiniň ady saklanyp galypdy.

1998-nji ýylda Nazarbaýew ýurduň paýtagtyny Almatydan Akmola geçiripdi, soň Akmolanyň adyny Astana öwrüpdi.

XS
SM
MD
LG