Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW: Orsýet 'islemeýän' guramalar bilen gatnaşykda güman edilýänleri yzarlaýar


"Human Rights Watch" guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Hugh Williamson

Orsýetiň ýaşaýjylary we guramalary Wladimir Putin tarapyndan 2015-nji ýylda gol çekilen kanuna görä, “islenilmeýän” diýlip yglan edilen daşary ýurtly guramalaryň websaýtlaryna beren salgylary üçin yzarlanýarlar diýip, “Human Rights Watch” guramasy (HRW) aýdýar.

Gurama 30-njy noýabrda çap eden maglumatynda Orsýetiň özi “islemeýän” guramalary bilen gatnaşyk üçin jezalandyrmagy bilen bagly ýagdaýyň ýüze çykmagynyň öňünde çak edilendigini belledi we bu ýagdaýy “paýhassyz” diýip atlandyrdy.

Orsýetiň hökümete degişli bolmadyk islendik daşary ýurt guramasyny “islenilmeýän” diýip gadagan etmek üçin Baş prokuratura ygtyýar berýän kanuny Günbatar tarapyndan berk tankyt edilipdi. Şeýle-de ol orsýet raýatlarynyň ýa-da toparlarynyň gadagan edilen guramalardan pul almagyny we olaryň maglumatlaryny ýaýratmagyny gadagan etdi.

2015-nji ýyldan bäri Orsýet kanuna laýyklykda 11 guramany gadagan etdi we olaryň aglabasy ABŞ-nyň guramalary diýip, HRW aýdýar. Gurama Orsýetiň hökümetiniň 2016-njy ýylyň başyndan bäri “islenilmeýän guramalaryň işlerine gatnaşmakda” güman edilen azyndan 11 orsýetli gurama garşy iş gozgandygyny habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG