Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deslapky testler Pralýakyň Gaagada içen suwuklygynyň zäherli himiki serişde bolandygyny görkezdi


Slobodan Pralýak suduň jaýynda, wideodan alnan pursat
Slobodan Pralýak suduň jaýynda, wideodan alnan pursat

Deslapky testler Bosniýadaky uruş bilen bagly sud edilen Slobodan Pralýakyň Gaagada içen suwuklygynyň zäherli himiki serişde bolandygyny görkezdi diýip, Gollandiýanyň resmileri 30-njy noýabrda aýtdylar.

Bosniýada 1992-1995-nji ýyllarda bolan uruşda horwat güýçleriniň öňki komandiri Pralýak öňki Ýugoslawiýa boýunça halkara tribunalynda sudýanyň ony 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etmek hakynda kararyny okan pursadynda çüýşesindäki suwuklygy içdi. “Men karary ýigrenç bilen ret edýärin” diýip, Pralýak aýtdy.

72 ýaşly Pralýak suduň jaýyndan gyssagly keselhana alnyp barylandan soň keselhanada aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG