Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Müsüriň harby bazalaryny ulanmak barada ylalaşygyň taslamasyny makullady


Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sissi (s) we Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu (ç), Kair, 29-njy noýabr, 2017
Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sissi (s) we Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu (ç), Kair, 29-njy noýabr, 2017

Orsýet öz söweş uçarlarynyň Müsüriň harby bazalaryny ulanmagy barada Müsür bilen ylalaşygyň taslamasyny tassyklady. Orsýet bu çäresini Ýakyn Gündogarda harby täsirini artdyrmak boýunça tagallalarynyň çäginde amala aşyrýar.

Ylalaşygyň taslamasy 30-njy noýabrda premýer-ministr Dmitriý Medwedew tarapyndan gol çekilensoň çap edildi. Dokumente laýyklykda Orsýetiň goranmak ministrligi Müsüriň hökümeti bilen ylalaşygyň detallaryny maslahat edýär.

Taslamadaky plana laýyklykda, ýurtlaryň harbylaryna bir-biriniň howa bazalaryny ulanmaga bäş ýyl möhleti bilen rugsat berilýär, wagt möhletiniň ýene uzaldylmagy göz öňünde tutulýar.

Orsýet Ýakyn Gündogardaky harby täsirini 2015-nji ýylda Siriýada prezident Başar al-Assadyň goşunlarynyň gozgalaňçylara garşy alyp barýan graždan urşunda goldaw berip başlamagy bilen artdyrdy.

Orsýetiň Siriýada howa we harby deňiz bazalary bar.

Müsür 1950-1960-njy ýyllarda Moskwanyň iň ýakyn arap ýarany bolupdy. Müsüriň häzirki prezidenti Abdel-Fattah el-Sissi Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen dostlukly gatnaşyklary artdyrýar, Moskwa bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürýär we orsýet ýaragyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär.

XS
SM
MD
LG