Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň gündogar böleginde iki sany güýçli ýer yranmasy boldy


Eýranyň gündogarynda Kerman welaýatynda bolan ýer yranmasynyň netijeleri, 1-nji dekabr, 2017
Eýranyň gündogarynda Kerman welaýatynda bolan ýer yranmasynyň netijeleri, 1-nji dekabr, 2017

Iki sany güýçli ýer titremesi 1-nji dekabrda Eýranyň gündogar böleginde yzly-yzyna boldy.

ABŞ-nyň Geologiýa barlaglary boýunça agentligi 6.0 magnitudaly ilkinji güýçli sarsgynyň 821 müň ilatly Kerman şäheriniň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Uly çuňlykda bolmadyk ýer yranmasynyň uly giňişlikde duýulmagynyň ähtimaldygyny agentlik belledi.

10 minutdan soň ikinji ýer yranmasy bolup, onuň güýji 5.0 magnituda derejesinde kesgitlendi.

“Häzir adam ölümi barada maglumat ýok, emma ençeme obada ýumrulyşyk boldy” diýip, Kerman şäheriniň krizisler merkeziniň resmisi Hossein-Ali Mehrabizadeh döwlet telewideniýesine aýtdy.

Tähranyň uniwersitetiniň seýsmologiýa merkezi 6.1 magnitudaly birinji ýer titremesiniň yzýany 5.1 we 4 magnitudaly sarsgynlaryň bolandygyny habar berdi.

6.0 magnitudaly ýer ynanmasy güýçli hasaplanýar we uly ýumrulyşyklara sebäp bolup bilýär.

Eýranda bolan bu ýer yranmasy Kermanşah welaýatynda 400-den gowrak adamyň ölümine getiren 7.3 magnitudaly ýer titremesinden iki hepde geçensoň ýüze çykdy.

Eýran seýsmiki taýdan aktiw regionda ýerleşýär.

1990-njy we 2003-nji ýyllarda bolan güýçli ýer titrmelerinde 40 müň we 31 müň adam wepat bolupdy.

XS
SM
MD
LG