ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň gelýän hepde Siriýa we Ukraina barada maslahatlaşmak üçin Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşmagy planlaşdyryldy diýip, Döwlet departamentiniň uly resmisi aýtdy.
Ol resminiň 1-nji dekabrda aýdan sözlerine görä, bu duşuşyk Awstriýanyň paýtagty Wenada, ÝHHG-nyň duşuşygynyň gapdalyndan, belki-de 7-nji dekabrda geçiriler.
Adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen resmi “Ol ýerde Orsýetiň daşary işler ministri bilen duşuşyk planlaşdyryldy” diýdi.
Tillersonyň 4-8-nji dekabr aralygynda NATO, ÝB we ÝHHG duşuşyklary üçin Brýussele, Wena we Pariže sapary planlaşdyrylýar.
Döwlet departamentiniň resmisi ÝHHG gepleşiklerinde Ukrainanyň hökman diýen ýaly gün tertibinde boljakdygyny aýtdy.