Owgan paýtagty Kabulda we gündogar welaýat Nangarharda bolan aýry-aýry hadyslarda azyndan iki adam öldi, on adam ýaralandy diýip, resmiler 2-nji dekabrda habar berdiler.
Jelalabatdaky Tele-radio stansiýanyň golaýynda bolan üç tapgyr partlamada owgan howpsuzlyk güýçleriniň iki agzasy öldürildi, altysy ýaralandy diýip, Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attaullah Khugyani aýtdy.
Ilkinji partlama rikşa berkidilen magnit bombasy sebäp boldy. Beýleki iki partlamanyň sebäpleri heniz aýdyň däl.
Adynyň aýdylmazlygyny soran polisiýa ofiseri partlamalaryň biriniň howpsuzlyk güýçlerini nyşana alyp, bir polis ofiserini öldürendigini, üçüsini ýaralandygyny aýtdy.
Kabulda owgan goşunyna esgerlige çagyrýan ýazgynyň golaýynda partlan magnit bombasy dört sany asuda adamy ýaralady.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!