Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistanda oba hojalyk uniwersitetine edeilen jüjümi 'berk ýazgardy'


Hüjümde 12 adam öldürildi, 35 adam ýaralandy.

Birleşen Ştatlar özüniň pakistan “Talybanynyň” Peşawarda Oba hojalyk uniwersitetine hüjüm edip, 12 adamy öldürmegini, 35 adamy ýaralamagyny “berk ýazgarýandygyny” aýtdy.

Döwlet departamenti 1-nji dekabrda “biz pidalaryň maşgalalaryna çuňňur gynanjymyzy bildirýäris we hüjümde ýaraly bolanlaryň basym gutulmagyny arzuw edýäris” diýdi.

Pakistan “Talybany” -- Tehrik-e Taliban Pakistan (TTP) 1-nji dekabrda başlaryna çadyra geýip, institutyň binasyna giren üç sany ýaragly adamyň amala aşyran hüjüminiň jogapkärçiligini öz boýuna aldy.

TTP-niň sözçüsi Mohammad Khorasani hüjümçileriň harbylaryň içerki aňtaw agentliginiň howpsuzlyk binasyny nyşana alandyklaryny aýtdy.

Wakanyň bolan ýerine polisiýa we goşun güýçleri çagyryldy we hüjümçiler iki sagat çemesi dowam eden ýaragly çaknyşykda atylyp öldürildi diýip, harbylaryň metbugat gullugy aýtdy.

XS
SM
MD
LG