Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti resmileri wezipä belläp, işden boşatmagyny dowam etdirýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Myrat Arçaýewi Türkmenistanyň döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belledi diýip, TDH habar berýär.

Arçaýew mundan öň döwlet ministriniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Şeýle-de türkmen lideri Bahargül Abdyýewany, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.Medeniýet ministriniň orunbasary wezipesine Nursähet Şirimow bellenildi.

Mundanam başga Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýadaky doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýewi şol bir wagtda ýurduň Bolgariýadaky doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.

Türkmenistanda resmileri ýokar wezipä, şol bir wagta birden birnäçe wezipä bellemek we ýygy-ýygydan işden boşatmak praktikasy iki on onýyllyga golaý dowam etdirilýär. Şol bir wagtda köplenç işden boşadylýanlaryň anyk nähili kemçilik goýberendigi aýdylmaýar, täze bellenilýän resmileriň terjimehallary çap edilmeýär.

XS
SM
MD
LG