Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tel-Awiwde korrusiýa we Netanýahua garşy köp adamly protest guraldy


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu

20 müň çemesi ysraýylly Tel-Awiwiň köçelerine çykyp, korrupsiýa we, olaryň aýtmaklaryna görä, premýer-ministr Benýamin Netanýahuy derňelmekden goramaly kanun taslamasyna garşy protest bildirdi.

Habarçylar 2-nji dekabrdaky ýygnanyşygyň korrupsiýa aýyplamalary bilen ýüzbe-ýüz bolan Netanýahua garşy geçirilýän protestleriň iň ulusy bolandygyny aýdýarlar.

Teklip edilýän kanun taslamasy ysraýyl polisiýasynyň jemgyýetçilik resmileri bilen bagly ýüze çykaran delillerini çap etmeginiň we prokuraturanyň edarasyna aýyplaw netijeleri boýunça rekomendasiýa bermeginiň öňüni baglar.

Täze kanun taslamasynyň tarapdarlary onuň güman edilýänleriň hukuklaryny gorajakdygyny aýdýarlar, emma tankytçylar bu kanun üýtgetmeleriniň diňe Netanýahu bilen bagly jenaýat derňewleri baradaky maglumatlary jemgyýetçilikden üzňe saklamaga hyzmat etjekdigini aýdýarlar.

Premýer-ministr korrupsiýa we wezipeden bikanun peýdalanmak boýunça iki jenaýatda güman edilýär. Şol sanda Netanýahu Ysraýylda doglan holliwud şahsyýeti Arnon Milçandan we awstraliýaly milliarder Jeýms Pakerden sowgat almakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG