Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Birma liderleriniň rohingalar barada aýtmak islän zadyna düşünendigini aýdýar


Rim papasy Fransis 28-nji noýabrda Birmanyň raýat lideri Aung San Suu Kyi bilen duşuşdy.
Rim papasy Fransis 28-nji noýabrda Birmanyň raýat lideri Aung San Suu Kyi bilen duşuşdy.

Rim papasy Fransis Bangladeşdäki rohinga bosgunlarynyň agyr ýagdaýy barada eşidip aglandygyny we Birmanyň harbylary bilen musulman azlygynyň hukuklary barada berk gürleşendigini aýtdy.

"Men agladym, men muny başgalara görkezmezlige çalyşdym. Olaram agladylar” diýip, pop 2-nji dekabrda, Bangladeşe we Birma eden saparyndan Rime dolanyp gelýärkä, uçaryň üstünde aýtdy.

Fransis awgust aýyndan bäri Bangladeşe gaçan 620 müň adamyň ençeme gezek tarapyny tutdy, Birleşen Ştatlar we BMG bu adamlaryň Birmadaky (Mýanmar hem diýilýär) “etniki arassalaýyşdan” başyny gutarmak üçin gaçandyklaryny aýdýar.

Rohinga musulmanlaryna garşy zorluk harbylaryň Birmanyň Rahine sebitinde rohinga pitneçileri tarapyndan edilen hüjümleri basyp ýatyrmak üçin görençäreleriniň arasynda başlandy.

Birmanyň harbylary özleriniň asuda ilaty nyşana alandygy barada aýdylýanlar ret edýär we öz hereketleriniň jeňçilere garşy gönükdirilendigini aýdýar.

Pop 28-nji noýabrda Birmanyň raýat lideri Aung San Suu Kyiniň we beýleki resmileriň öňünde çykyş edende, repressiw çäreleri açyk agzamandygy we “rohinga” sözüni diline almandygy üçin käbir tankydy pikirlere hem sezewar boldy.

“Rohinga” esasan buddaçylardan ybarat we musulman azlygyna raýatlyk berilmeýän ýurtda öjükdiriji bir aňlatma bolup durýar. Bu ýurtda bikanun "bengal" immigrantlary şol söz bilen atlandyrylypdyr.

Ýerli ýolbaşçylar we rim katolik ybadathanasy popdan bu termini ulanmazlygy haýyş etdiler, sebäbi olar bu Birmadaky hristianlara we beýleki azlyk toparlara garşy meýilleriň döremegine sebäp bolar öýtdüler.

Pop 27-nji noýabrda, bu ýurda geleninden gysga wagt soň, Birmanyň harby liderleri bilen aýratynlykda duşuşdy.

Fransis žurnalistleriň şol duşuşyklar mahalynda “rohinga” sözüni ulandyňmy diýip beren soraglaryna “Men sözleri aýtjak zadyma gelmek üçin ulandym, haçanda oňa gelenimi görenimden soň, öz isleýän ähli zadymy aýtmaga het etdim” diýip, jogap berdi.

Ol öz sözüni latyn dilindäki "Intelligenti Pauca" diýen jümle bilen jemledi, bu jümle “düşünýänler üçin birnäçe söz-de ýeterlik” diýen manyny berýär.

XS
SM
MD
LG